aýyrmak

aýyrmak
işlik
1) Alyp başga ýerde goýmak, bir predmeti bir ýerden ikinji bir ýere gozgamak, ýerini üýtgetmek, süýşürmek.
∙ Ata tigriňi aňyrrak aýyr!
2) Üstünden sypyrmak, çykarmak.
∙ Hoşgeldi daşky köýnegini aýryp, bir çetde duran oturgyçlaryň biriniň üstüne atdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
∙ Onuň papagyny aýryp gördüm. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3) Döwmek, owratmak, ýarmak.
∙ Hatda odun aýyrmak ýaly agyr işleri-de oňa buýurýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
∙ Bäşim, bar, peje salar ýaly odun aýyr!
4) Boşatmak, çykarmak (işden, wezipeden).
∙ Gulluk wezipesinden aýyrmak.
5) Matematika Bir sandan ikinji bir sany bölüp almak we üçünji bir san çykarmak hem-de şonda ulanylýan belgi.
∙ Ondan bäşi aýyrmak.
6) Nika bozdurmak.
∙ Gelni ärinden aýyrmak nämä gerek?
7) Hapadan saplamak, arassalamak.
∙ Üweljek bugdaýy sowrup, hapasyny aýyrmak.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem aýyrmak - aýrar, aýrypdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»